Baş Assambleýa, halkara hukugyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda merkezi ornuny tassyklamak bilen,

halkara hukuk ulgamynda bilimiň, mümkinçilikleriň, tehniki goldawyň giňeldilmeginiň, hususan-da, ösüp barýan ýurtlar, şol sanda az derejede ösen ýurtlar, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletleri üçin möhümdigini hasaba almak bilen,

şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Goldaw bermek maksatnamasynyň halkara hukuk boýunça bilimleri okatmak, öwrenmek, ýaýratmak hem-de ony has giňden ykrar etmek ulgamynda halkara hukuk boýunça okuw maslahatynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hukuk boýunça Audiowizual maglumatlar kitaphanasynyň, Hukuk meseleleri boýunça komissiýasynyň ýyllyk neşiriniň we Halkara hukuk boýunça gollanmanyň makalalarynyň, bütin dünýäde, aýratyn-da, ösüp barýan ýurtlaryň bähbidine halkara hukugy wagyz etmekde möhüm goşandyny bellemek bilen,

halkara ýyllary yglan etmek hakynda 1998-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky 53/199, 2006-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky 61/185 Kararnamalaryny, şeýle hem Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 1980-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky halkara ýyllar hem-de şanly seneler, şol sanda olary yglan etmegiň ylalaşylan kadalary hakyndaky 1980/67 Kararnamasyny tassyklamak bilen,

  1. 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan edýär;
  2. Agza döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümlerini hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplary halkara hukuga hormat goýmaga we oňa düşünmäge ýardam bermek maksady bilen, bilim beriş çärelerini, bu ugurda mümkinçilikleri giňeltmek we jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guramak arkaly Halkara hukuk ýylyny bellemäge çagyrýar hem-de Türkmenistanyň 2028-nji ýylyň dekabrynda Halkara hukuk boýunça ählumumy forumy geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýar;
  3. Agza döwletleri halkara hukuga, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hususan-da, onda beýan edilen maksatlara we ýörelgelere hormat goýmagy pugtalandyrmaga çagyrýar;
  1. Agza döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hukugy meýletin tölegler arkaly okatmak, öwrenmek hem-de ýaýratmak ulgamynda bar bolan başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirmegi maslahat berýär;
  1. Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan çärelere has işjeň gatnaşmaga, şol sanda zenanlary we ýaşlary bu çärelere giňden çekmäge çagyrýar hem-de halkara hukuga elýeterliligi giňeltmek maksady bilen, sanly platformalaryň, bilim beriş tehnologiýalarynyň, köpdilli media serişdeleriniň peýdalanylmagyny höweslendirýär;
  2. Şu Kararnamany amala aşyrmak boýunça ähli çäreler bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek çykdajylaryň meýletin tölegleriň hasabyna ýapylmalydygy barada karar edýär;
  1. Halkara hukuk ýylynyň mynasyp derejede bellenip geçilmegi üçin Baş sekretardan şu Kararnama baradaky maglumatlary ähli agza döwletlere, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümlerine hem-de halkara we sebit guramalaryna, gyzyklanma bildirýän degişli taraplara, şol sanda raýat jemgyýetine, hususy bölege, ylmy toparlara, şahsy taraplara ýetirmegi haýyş edýär.