18-nji aprelde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde “Goşgular dünýäni birleşdirýär” atly hytaý şygyrlaryny labyzly okamak boýunça halkara festiwaly we hytaý ieroglifleriniň sungatyna bagyşlanan dizaýnerçilik işleriniň sergisi geçirildi. Iki ýurduň syýasy, bilim we medeniýet wekillerinden 600-den gowrak adamyň gatnaşan bu çäresinde hytaý diline we medeniýetine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygy bellenildi. Hytaýyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň wekili Li Hua gyrgyz ýaşlarynyň bu dili öwrenmek arkaly diňe bir taryhy we medeniýeti däl, eýsem, döwrebap tehnologiýalary hem özleşdirip, hünär taýdan ösmek üçin giň mümkinçilikleri tapjakdyklaryna ynam bildirdi.
Çäräniň dowamynda hytaý ieroglifleriniň taryhyna degişli 90-a golaý plakat görkezildi we ýörite leksiýalar guraldy. Nankin sungat uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary halk tanslaryny, goşgy okamagy we milli saz gurallarynyň owazyny birleşdirip, gadymy “Ýüpek ýoluny” janlandyrýan täsin çykyşlary hödürlediler. Bişkegiň wise-meri Wiktoriýa Mozgaçewa bu görnüşli medeni alyş-çalyşlaryň ösüp gelýän ýaş nesillere goňşy ýurduň medeniýetini has gowy tanamaga ýardam edýändigini nygtady. Hytaýyň Bilim ministrligi we Gyrgyzystanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guralan bu festiwal gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
PDF









