Täze ylmy barlaglar miweleri bütinligine iýmegiň ýa-da smuzi görnüşinde ulanmagyň saglyk üçin iň peýdaly usuldygyny ýüze çykardy. “Frontiers in Nutrition” žurnalynda çap edilen barlaga görä, miwe şiresini aşa köp içýänlerde süýji keseli we holesteriniň ýokarlanmagy ýaly meseleler miwäni bütinligine iýýänlere garanyňda has ýygy duş gelýär. Şire taýýarlananda miwäniň düzümindäki peýdaly süýümler ýitirilýär, smuzilerde bolsa olar saklanyp galýar we witaminleriň bedene siňňitliligi ýokarlanýar. Şeýle-de, miwäni az iýýänlerde we diňe şire ulanýanlarda ruhy saglyk meseleleriniň, ukusyzlygyň hem-de semizligiň has köp ýüze çykýandygy bellenilýär.
Bütindünýä Saglygy Gorayýş Guramasy (BSGG) günde, azyndan, 400 gram gök önüm we miwe iýmegi maslahat berýär. Hünärmenler miwe şireleriniň günüň dowamynda 150 ml-den köp bolmaly däldigini duýdurýarlar. Miweleriň görnüşine görä peýdasy hem üýtgeýär: sitrus miweleri witamin C, garaly (çernika) antioksidantlar, klýukwa bolsa peşew ýollarynyň ýokançlarynyň öňüni almakda peýdalydyr. Netijede, miweleri gaýtadan işlenen şire görnüşinde däl-de, bütinligine ýa-da goýy smuzi görnüşinde ulanmak bedeniň goranyş ulgamyny we umumy ýagdaýyny has gowy berkidýär.