Golaýda Türkmenistan Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Saýat etrap birleşmesiniň we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda Saýat etrabynda şertnamalaýyn borçnamalaryny etrapda ilkinji bolup, artygy bilen ýerine ýetiren Ýeňiş daýhan birleşiginde “Milli buýsanjymyz bolan gallany ýangyn howpundan goralyň!” ady bilen çäre geçirildi. Çärä etrabyň oba hojalyk ulgamyndan hünärmenler, kärendeçiler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän galla orýan kämil oba hojalyk kombaýnlaryna erk edýän mehanizatorlar, ýygnalan gallany galla ammarlaryna daşaýan ýük awtoulaglarynyň sürüjileri we oba adamlary gatnaşdylar.
Üstümizdäki ýylda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda gallanyň bitginli hasyly kemala getirildi. Toprak, howa şertlerine laýyk gelýän, bol hasyl getirýän naýbaşy tohumlar, mineral dökünler, tehniki hyzmatlar bilen üpjün edilmegi netijesinde babadaýhanlarymyz garaşylýan netijelere eýe boldular. Bu ugurda etrabyň Ýeňiş, Görelde Gülüstan daýhan birleşikleriniň gallaçylary tapawutlanyp zähmet çekdiler. Galla oragynyň isripsiz, gysga wagtyň içinde tamamlanmagy ugrunda ähli şertler döredilip, şol döredilen şertler bolsa orak möwsümine gatnaşýanlarda uly ruhubelent duýgularyny oýarýar.
Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni Gunça Pamyýewanyň, Türkmenistanyň kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Saýat etrap birleşmesiniň hünärmenleri Ogulnur Rozyýewanyň, Jeren Mätniýazowanyň, Ogulnur Bazarowanyň eden çykyşlarynda kemala gelen bol hasyly isripsiz ýygnap almak, ýangyn howpunyň öňüni almak, döräp biläýjek nogsanlyklaryň sebäpleri dogrusynda çykyşlar edip, şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren gallaçy kärendeçileriň ençemesi Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Saýat etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Şu günler galla oragy gyzgalaňly, uly depginler bilen alnyp barylýar. Daýhanlaryň netijeli işlemekleri ugrunda döredilen şertler bolsa olaryň önjeýli işlemeklerine itergi berýär.
Çäräniň esasy maksady “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda galla oragyna guramaçylykly dowam etdirýän babadaýhanlarymyzyň möwsümi gysga wagtda ýokary netijeli geçirmeklerine ruhy taýdan goldaw bermekden ybarat boldy.
Suratda: TKA-nyň Lebap welaýat Saýat etrap birleşmesiniň başlygy Yhlas Geldimuradowyň öňdebaryjy kombaýnça sowgat gowşurýan pursaty.
Oguljemal Gylyjowa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.
PDF









