UEFA Konferensiýa Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary geçirilip, 3 oýunda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Ýaryşyň faworiti “Çelsi” ynamly ýeňiş gazandy. Myhmançylykda “Legiýa Warşawany” 3-0 hasabynda ýeňen londonlylaryň gollaryny 49-njy minutda Jorj hem-de 57-nji we 74-nji minutlarda oýna soň giren Madueke geçirdi. Oýnuň 73-nji minutynda Nkunku penalti salyp bilmedi.

Geçen 2 ýaryşyň finalçysy “Fiorentina” topary myhmançylykda “Selýe” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi. Italýan toparynyň gollaryny Ranieri (27) bilen Mandragora (62 p), ýer eýeleriniň ýeke-täk pökgüsini bolsa penaltiden Delorie-Şabo (68) geçirdi.

Öz meýdançasynda ýeňiş gazanan ýeke-täk topar “Betis” Ispaniýada Polşanyň çempiony “Ýagelloniýa Belostok” toparyny Bakambu hem-de Žesus Rodrigesiň gollary esasynda 2-0 ýeňlişe sezewar etdi.

Şwesiýanyň “Ýurgorden” topary bilen Awstriýanyň “Rapid Wena” klublarynyň arasyndaky oýunda myhmanlar Finndelliň 62-nji minutda öz derwezesinden geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňiş gazandy.