Çilili meşhur ýarymgoragçy klubuny täzeledi

211

Çilili meşhur ýarymgoragçy Arturo Widal Braziliýanyň “Flamengo” toparyndan “Atletiko Paranaense” toparyna transfer boldy. 36 ýaşyndaky tejribeli futbolçy täze kluby bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Widal ýurdunyň “Kolo-Kolo” toparyna başlan karýerasy boýunça Ýewropanyň “Baýer”, “Ýuwentus”, “Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” ýaly öňdebaryjy klublarynda çykyş etdi.