Köp­ler giň­räk egin-eşi­gi geý­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam, esa­san hem, ýaş­lar we sport bi­len meş­gul­lan­ýan­lar dar egin-eşik­le­ri saý­la­ýar­lar. Hü­när­men­ler uzak wagt­lap dar egin­baş­la­ry geý­me­giň iý­mit siň­di­riş­den baş­lap, gan aý­la­ny­şy­gy­na çen­li sag­lyk bi­len bag­ly dür­li ýag­daý­la­ra se­bäp bo­lup bil­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Adat­ça, adam­lar öz saý­lap alan kä­ri­ne we meş­gul­lan­ýan işi­ne gö­rä egin-eşik saý­la­ýar­lar. My­sal üçin, mo­da gör­ke­ziş­le­rin­de iş­le­ýän­ler we spor­tuň ýe­ňil at­le­ti­ka gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­lar dar ge­ýin­ýär­ler. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa, ola­ryň er­kin he­re­ket et­me­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
Be­de­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, özü­ňe la­ýyk eşik geý­me­giň hiç hi­li ýal­ňyş­ly­gy ýok. Em­ma özü­ňe ki­çi we gys­ýan egin-eşik­le­ri geý­mek sag­ly­ga öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Dar egin-eşik geý­len­de ýü­ze çyk­ýan ala­mat­lar:
De­ri­de gy­zyl yz­la­ryň peý­da bol­ma­gy
De­ri­niň gy­jyn­ma­gy
Dem al­mak­da kyn­çy­lyk çek­mek
He­re­ket et­mek­de kö­sen­mek
Zy­ýan­ly ta­rap­la­ry:
Iýmit siňdirişiň haýallamagy. Dar egin-eşik aş­ga­za­na we içe­ge­le­re goş­ma­ça ba­syş edip, ýü­rek bu­lan­ma hem-de iş­däň ke­sil­me­gi ýa­ly ýag­daý­la­ra ge­ti­rip bil­ýär. Dar eşi­giň yzy­gi­der­li ge­ýil­me­gi wag­tyň geç­me­gi bi­len içe­ge­ler­de iý­mit siň­di­ri­şi ha­ýal­la­dyp, çiş­mä se­bäp bo­lup bil­ýär.
Kö­me­lek ýo­kanç­ly­gy. Dar ba­lak, aýak­gap we kor­set geý­mek kö­me­lek ýo­kanç­ly­gy­nyň dö­re­mek how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Dar egin-eşik­ler köp­lenç ho­wa ge­çir­me­ýän ma­ta­lar­dan taý­ýar­lan­ýar. Adam­dan te­bi­gy ýag­daý­da bö­lü­nip çyk­ýan der dar egin-eşik­den da­şa­ry çy­kyp bil­män, de­rä ýel­me­şip gal­ýar. Çyg­ly de­ri­de bol­sa, dür­li ýo­kanç­lyk­lar dö­räp bil­ýär.
Nerw da­mar­la­ry­nyň gy­syl­ma­gy. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da dar eşik geý­lip ýa-da gys­ýan gu­şak­lyk da­ky­lyp uzak wagt­lap ge­zi­len­de pa­res­te­ti­ka (de­ri ner­wi­si) zy­ýan ýet­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Iki gap­dal­da ýer­leş­ýän bu de­ri ner­wi­si­ne ze­per ýe­ten­de uku­syz­lyk, de­ri­niň gar­ra­ma­gy ýaly alamatlar we bil­de agy­ry­lar peý­da bol­ýar.
Agy­ry­la­ryň dö­re­me­gi. Dar ge­ýin­mek döş­de mä­ziň dö­re­mek how­pu­ny ýo­kar­lan­dy­ryp bil­ýär. Şeý­le hem bo­ýun­da, aýak­da we bo­gun­lar­da gan aý­la­ny­şy­gy bo­zu­lyp, ýi­ti agy­ry­la­ryň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Hü­när­men­ler dynç alyn­ýan we ýa­tyl­ýan wag­ty dar egin-eşik­le­ri geý­me­giň sag­lyk üçin örän zy­ýan­ly­dy­gy­ny bel­läp, öý­de giň­räk ge­ýin­me­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär­ler. Şeý­le hem özü­ňe la­ýyk gel­ýän egin-eşik­le­ri saý­la­ma­gyň ada­my gel­şik­li gör­kez­mek bi­len bir ha­tar­da, sag­lyk üçin zyýanly däl­di­gi bel­lenil­ýär­.