Italiýanyň çempionatynda 31-nji tapgyrda oýnalan 10 duşuşygyň 7-si deňlikde tamamlandy. Sanawyň lideri “Inter” myhmançylykda “Parma” bilen duşuşyp, 1-nji ýarymda Darmian hem-de Turamyň gollary bilen 2-0 öňe saýlansa-da, 2-nji ýarymda ýer eýeleri 9 minutda hasaby deňlemegi başardy. Edil şonuň ýaly “Milan” hem öz meýdançasynda “Fiorentinany” kabul edip, myhmanlaryň ilkinji 10 minutda 2-0 hasabynda öňe saýlanandygyna garamazdan, ýer eýeleri hüjümçileri Abraham hem-de Ýowiçiň gollary esasynda meýdançany 1 utuk bilen terk etmegiň hötdesinden geldi. Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Roma” bilen “Ýuwentus” Şomurodow we Lokatelliniň garşylyklaýyn gollary esasynda 1 utuk gazandylar. “Bolonýa” bilen “Napoliniň” arasyndaky oýunda-da deňlik hasaba alnyp, 2 topar hem 2 utuk ýitirdi. “Atalanta” öz meýdançasynda “Lasiodan” 1-0 hasabynda asgyn gelip, bassyr 3-nji duşuşygynda gol geçirmezden ýeňildi.

Jenoa – Udineze: 1-0 (Zanoli 77),

Monza – Komo: 1-3 (Mota 5 – Ikone 16, Diao 39, Woýwoda 51),

Parma – Inter: 2-2 (Bernabe 60, Ondreýka 69 – Darmian 15, Turam 45),

Milan – Fiorentina: 2-2 (Abraham 23, Ýowiç 64 – Tiaw 7 ö.w., Ken 10),

Leççe – Wenesiýa: 1-1 (Baskirotto 65 – Gallo 50 ö.d.),

Empoli – Kaliari: 0-0,

Torino – Werona: 1-1 (Elmas 67 – Sarr 64),

Atalanta – Lasio: 0-1 (Isaksen 54),

Roma – Ýuwentus: 1-1 (Şomurodow 49 – Lokatelli 40),

Bolonýa – Napoli: 1-1 (Ndoý 64 – Zambo-Angissa 18)