10-njy maýda Balkan welaýatynda myhmançylykda bolýan wekiliýet ir bilen ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmak üçin Gyzylarbat etrabyndaky “Çynar” myhmanhanasyndan Magtymguly etrabynda ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” muzeýine bardylar.

Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen medeni köpçülikleýin çäreler “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň öňünde ýörite taýýarlanan meýdançada işjeň häsiýete eýe boldy. Dabarada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa giň orun berildi. Soňra çärä gatnaşyjylar akyldar şahyryň muzeýiň öňündäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler.

Şol gün “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň baş redaktorlary hem-de halypa şahyrlar ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutladylar we maslahatlaryny berdiler. Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly gowşuryldy. Täsirli geçen dabarada bäsleşigiň ýeňijileri ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Şeýlelik-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden bäsleşigine 100-den gowrak döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň hödürlän eserinden 32 sanysy eminler topary tarapyndan saýlandy.

Bäsleşigiň netijesine görä:

Baş baýraga Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Kakajan Çaryýarow eýe boldy.

I orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Atamyrat Ýazweliýew; Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Wepa Pirnepesow we Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Söhbet Orazmuhammedow dagylar mynasyp boldular.

II orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Muhammetnur Mahtumow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Mekan Hümmedow, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Şagül Dowadowa; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Aýsapar Emelowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Nurmuhammet Haşyrow we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty Çeper Nazargylyjowa dagylar eýelemegi başardylar.

III orna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gerçeknazar Amannazarow; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Süleýman Tekäýew; Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň ýaşaýjysy Ogulgurban Jumaýewa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Mährijemal Nowruzowa; Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Şöhrat Myradow; Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Selbi Atajanowa hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy Serdar Açylow dagylar mynasyp boldular.

Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmakda ähmiýetli bolan bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Ilmyrat Babaýew; Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Territorial goranyş goşunlary müdirliginiň 20960 harby bölüminiň harby gullukçysy, uly leýtenant Amangeldi Ataýew; Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Saparjemal Hajyýewa; Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Batyr Mämmetmyradow; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Mukam Bekgylyjow; Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Arslanmyrat Bozaganow; Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 47-nji orta mekdebiň mugallymy Ahmet Arazow; Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Soltangözel Kerwenowa; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Şeker Huseýinowa; Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Dünýä Annageldiýewa; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Bilbil Çaryýarowa; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Aýşirin Döwletowa; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Rebmuhammet Momlyýew; Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gülsenem Mätgurbanowa we Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy Zilola Jobarowa dagylar bolsa işjeň gatnaşandygy üçin höweslendiriji baýrak bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň netijelerine görä:

Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Parahat Batyrow mynasyp boldy.

I orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Keseýap geňeşliginiň ýaşaýjysy Çynar Azadowa we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.

II orna Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülsenem MätgurbanowaMary welaýatynyň Şatlyk şäherçesindäki takyk we tebigy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Şirin AmansähedowaDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Ýyldyz Daniýarowa we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Gülnara Myradowa eýelemegi başardylar.

III orna Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýläle AkmyradowaSeýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gülşirin Soltanowa we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Änew şäher Maşgala lukmanlar bölüminiň lukmany Maýa Garlyýewa dagy mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.