Dubaýda 11-nji fewralda “Geljegiň hökümetlerini emele getirmek” (WGS 2025) mowzugy bilen 12-nji Bütindünýä hökümet sammiti öz işine başlady. Bu ýylky sammite 30 töweregi ýurtdan hökümet we döwlet Baştutanlary, şeýle hem 140 ýurtdan wekiliýet, tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.
BAE-nyň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri we WGS-niň başlygy Muhammet Al-Gergawi sammitiň açylyş dabarasynda çykyş edip, dünýäde 2000-nji ýyldan bäri bolan gapma-garşylyklara, gumanitar çökgünliklere, ykdysady kynçylyklara we tehnologik ösüşlere ünsi çekdi. Ol soňky 25 ýylda dünýädäki uruşlaryň we gapma-garşylyklaryň netijesinde, 2 million adamyň aradan çykandygyny we 120 million töweregi adamyň başga ýerlere göçendigini ýatlap geçip: – Biziň häzirki wagtda iň uly meselämiz kiber howpsuzlygydyr – diýip, belledi.
Al-Gergawi adamzadyň geçmişiň ýalňyşlyklaryndan sapak almagy öwrenýänçä şowsuzlyga uçrajakdygyny aýtdy. -Häzirki wagtda adamzat düýbünden başga bir özgeriş döwründe täze eýýama gadam basýar. Geljegi döretmek öz elimizde – diýip, ol belledi.
Halkara tagallalar ýeterlik däl
Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) esaslandyryjysy we baş direktory Klaus Şwab hem dünýäniň senagat eýýamyndan “akylly eýýama” geçýändigini aýtdy.
-Biz senagat eýýamyndan intellektual eýýama örän çalt depginde geçýäris we bu tizlik dünýäniň ozal başdan geçiren özgerişlerinden düýpgöter tapawutlanýar. Hemmeler emeli aň hakda gürrüň edýärler. Soňky 3 ýylda emeli aň pudagyndaky üýtgeşmelere seretsek, bu tizligi görýäris – diýip Şwab belledi.
WEF-iň baş müdiri bu eýýamda “maglumatlar we akylly pikirler” zerurdyr, hökümetler bu üýtgeşmelere, özgerişliklere ýardam bermelidir hem-de zerur infrastrukturany üpjün etmelidir” diýip, Bütindünýä ykdysady forumynyň başlygy öz çykyşynda belledi. Şwab, hökümetleriň ýene bir jogapkärçiliginiň şu asyrda zerur zehinleriň ösmegini üpjün etmekdigine ünsi çekdi.
-Häzirki döwürde bilim esasy faktor bolup durýar. Hökümetler bilelikde işlemeli we täze tehnologiýalary göz öňünde tutmak üçin zerur syýasatlary işläp düzmeli. Häzirki halkara tagallalary gynansakda ýeterlik däl – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.