Ahalteke aty. Atlaryň owadanlygy, ýyndamlygy we çydamlylygy barada gürrüň edilende, ilki bilen, türkmen bedewi göz öňüňde janlanýar. Inçeden näzik bedenli we gamyşgulak ahalteke atlary tyllasow ýalpyldawyk tüýi bilen görenleri haýran galdyrýar. Suwsuzlyga çydamly bu tohum aty Köpetdagyň eteginde ösdürilip ýetişdirilipdir. Uzyn göwresi, duýgurlygy, akyllylygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýan ahalteke atlary eýesine wepaly bolup, inçeden näzik häsiýeti we gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýä atşynaslarynyň ünsüni özüne çekýän arassa ganly at tohumydyr.
Arap aty. Günbatar Aziýada ösdürilip ýetişdirilýän iň gadymy at tohumy bolan arap aty özboluşly kelle gurluşy we ýokary galyp duran «horaz guýrugy» bilen tapawutlanýar. Dünýäde iň meşhur at tohumy hökmünde tanalýan arap aty ýyndamlygy we suwsuzlyga çydamlylygy bilen tanalýar. 3 müň 500 ýyl mundan ozal seçilip alnan bu tohum at bir günüň dowamynda 160 kilometrden gowrak aralyga çapyp bilýär. Arap atynyň göwresi inçejik, gözi ullakan bolýar. Bu atyň boýy 145-155 santimetre, agramy 360-450 kilograma ýetýär. Arap aty at çapyşygy ýaryşlarynyň we sergileriň bezegi hasaplanýar.
Andalus aty. Arassa ganly ispan aty hasaplanýan andalus aty Pireneý ýarym adasynda seçilip alnan tohum atlaryň biridir. Başgaça Andalusiýa aty hem diýilýän bu at XV asyrda aýratyn tohum diýlip ykrar edilýär. Taryhda söweş aty hökmünde tanalýan andalus aty dürli reňkde duş gelýär. Ullakan göwresi, uzyn guýrugy we ýaly bilen tapawutlanýan bu atyň iň köp duş gelýän görnüşi çal reňkde bolýar. Ýumşak häsiýetli bu at örän duýgur bolup, adamlara çalt öwrenişýär. Ýewropada we Amerikada ösdürilip ýetişdirilýän andalus aty at çapyşygy ýaryşlarynda we agyr ýük çekmekde tapawutlanýar. Günbataryň hyýaly eserlerinde köp suratlandyrylýan bu tohum aty taryhy filmlerde köp surata düşürýärler. Andalus atynyň boýy 150-160 santimetre, agramy 400-512 kilograma çenli ýetýär. Ispan medeniýetiniň nyşany hasaplanýan andalus atlary 30 ýyldan gowrak ýaşaýar.
Knabstrupper. Daniýada idedilýän owadan atlaryň biri bolan knabstrupper çapuw hem-de sirk aty hökmünde ulanylýar. Gara we goňur tegmilleri bilen tapawutlanýan bu at ak reňkde bolýar. Dünýäniň iň owadan atlarynyň biri hasaplanýan knabstrupperiň boýy 150-160 santimetr aralygynda bolýar. Ýewropada «gar bölejikleri» diýlip atlandyrylýan bu atyň agramy 450-550 kilogram aralygynda bolýar. Ýuwaş häsiýetli alabeder at sirk meýdançalarynda we konkur bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki wagtda dünýäde knabstrupper atynyň baş sanynyň 2 müň töweregidigi bellenilýär.
Friz aty. Niderlandlaryň demirgazyk welaýaty bolan Frislandda ösdürilip ýetişdirilen friz aty münmek we ýük çekmek üçin ulanylýar. Friz aty gara reňki, uzyn ýaly we guýrugy hem-de aýagyndaky seçekli tüýi bilen meşhurdyr. Gara atyň ortaça beýikligi 152-163 santimetr bolup, agramy 560-650 kilograma ýetýär. Bu tohum aty äpet göwresi we ösen myşsa ulgamy bilen tapawutlanýar. Seçelenip duran uzyn guýrukly, kiçijik gulakly bu atyň kellesi göni bolýar. Friz aty 1600-nji ýyllarda niderland we ispan atlarynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde seçilip alynýar. 1900-nji ýyllarda sany azalan bu atlar häzirki wagtda athanalarda we atçylyk toplumlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Maglumatlara görä, friz atlarynyň dünýädäki baş sany 25 müň töweregidir.
PDF









