Awstraliýanyň «Qantas» awiakompaniýasy «Project Sunrise» taslamasynyň çäklerinde 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda dünýäniň iň uzak aralyga yzygiderli we gonmazdan amala aşyrylýan Sidneý-London ýolagçy gatnawyny ýola goýjakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Aralygy 16 müň kilometrden gowrak bolan bu ugur boýunça uçuşyň dowamlylygy 19 sagatdan 22 sagada çenli bolar we ol taryhda ilkinji gezek iki şäheri birbada, göni aragatnaşyk bilen baglanyşdyrar.
Munuň üçin awiakompaniýa tarapyndan «Airbus» kompaniýasynyň ýörite kämilleşdirilen «A350-1000ULR» kysymly täze uçarlary ulanylar. Bu strategiýa geljekde Awstraliýanyň gündogar kenaryny dünýäniň beýleki iri merkezleri bilen hem göni baglanyşdyrmagy göz öňünde tutýar, şunda indiki tapgyrda Sidneý-Nýu-Ýork ugry boýunça gatnawyň açylmagyna garaşylýar. «Qantas» toparynyň baş direktory Wanessa Hadson bu ädimi edaranyň 105 ýyllyk taryhyndaky iň ähmiýetli waka hökmünde häsiýetlendirip, 1947-nji ýylda Londona ýedi gezek gonup amala aşyrylan ilkinji uçuşlardan soň, indi iň soňky duralganyň hem aradan aýrylýandygyny mälim etdi.
Häzirki wagtda dünýäde iň uzak göni ugur Singapur we Nýu-Ýork şäherleriniň arasynda (15 349 km) amala aşyrylsa-da, şol reýslerde ykdysady synpyň ýolagçylary üçin ýerler göz öňünde tutulmadykdyr. «Qantas» bolsa adaty şertlerde 480 ýolagça çenli niýetlenen uçaryň içki gurluşyny ýolagçylaryň ýokary amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen kämilleşdirip, ony bary-ýogy 238 orunlyk edip üýtgetdi we şol ýerleriň 140-syny ykdysady synp üçin böldi. Goşmaça 20 müň litrlik ýangyç çelegi bilen enjamlaşdyrylan we howada 22 sagada çenli uçmaga ukyply bolan bu täze uçarlaryň ikinjisi häzirki wagtda synag we sertifikatlaşdyryş tapgyrlaryndan geçirilýär.
PDF









