Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly iki ýurduň energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşdy. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berdi.
“Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Russiýa-Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyň gazanylan derejesine ýokary baha beren döwlet Baştutanlary, energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar” diýlip beýanatda bellenilýär.