Ýaponiýada bir adam 85 ýyl ozal alnan petek bilen “EXPO 2025” sergisine girdi. 1940-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen şol döwürdäki halkara sergi ikinji Jahan urşunyň başlamagy bilen yza süýşürilipdir.
Sergi ýurduň paýtagty Tokioda “Ýaponiýa uly halkara sergisi” ady bilen geçirilmelidi. Şol sergi üçin biletler bolsa 1938-nji ýylda satuwa çykypdyr. Emma urşuň başlamagy bilen sergi wagt görkezilmezden yza süýşürilipdir. Fumiýa Takenawa atly 25 ýaşly ýapon raýaty internet arkaly şol ýyllardaky bileti satyn alypdyr. Aprel aýynda Osaka şäherinde açylan “EXPO 2025” sergisi oktýabr aýynda çenli dowam eder. Guramaçylar 1940-njy ýylda ýatyrylan serginiň biletleriniň bu sergi üçin hem ulanylyp bilinmegi barada karar kabul etdiler. Bu karara görä bir köne biletiň eýesi ony iki sany bir günlük täze bilet bilen çalşyp bilýärler. Ýapon metbugatyna görä, Tokioda ýaşaýan Fumiýa Osakadaky maşgalasyny görmäge barypdyr. Ol “EXPO” bilen bagly zatlaryň kolleksiýasyny ýygnaýan eken. Mart aýynda bolsa, şol bileti satyn alypdyr.
Mundan ozal 1970-nji ýylda Osakada, 2005-nji ýylda Aýtide geçirilen sergileriň guramaçylary hem 1940-njy ýyldaky serginiň biletleri bilen girmäge rugsat beripdi.
Ilkinji EXPO sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Pariž şäheri bolsa, şeýle sergi mynasybetli gurlan, dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna getiren Eýfel diňine eýe boldy. Bu sergi häzirki wagtda bäş ýyldan bir gezek geçirilýär.