Urugwaýyň ozalky Prezidenti Hose Muhika 89 ýaşyndan aradan çykdy. Ýurduň häzirki döwlet Baştutany Ýamandu Orsi “X” mediýa platformasyndaky akkaundynda halkyň arasynda “Pepe” lakamy bilen tanalýan Muhikanyň paýtagt Montewideoda aradan çykandygyny mälim etdi. Muhikanyň aradan çykmagynyň özünde uly gynanç duýgusyny döredendigini bellän Orsi: “Ýoldaşymyz Pepe Muhikanyň aradan çykmagy zerarly gynanýarys… Seni örän küýsäris. Bize beren ähli zadyň hem-de halkyňa beslän çuňňur söýgüň üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýip ýazdy.
Golaýda Muhika metbugata beren beýanatynda saglyk ýagdaýynyň peselýändigi barada aýdypdy. Ol 2021-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli syýasy karýerasyny ýapypdy.
Soňky ýyllarda Montewideonyň çet ýerinde howluly ýönekeý jaýynda ýaşan Muhika 2009-njy ýylda geçirilen saýlawda Prezident wezipesine saýlanyp, 2010–2015-nji ýyllar aralygynda ýurda ýolbaşçylyk edipdi. Ol ömrüniň bütin dowamynda ýönekeý durmuş ýörelgesi bilen bütin dünýäde tanaldy. Muhika aýlygynyň uly bölegini haýyr sahawata geçiripdi.