2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda Mark Zukerberg we üç dosty “Facebook” jemgyýetçilik toruny döredýärler. Häzirki wagtda 2,11 milliard işjeň ulanyjysy bolan platforma iň köp ulanylýan jemgyýetçilik platformasy bolmagyny dowam etdirýär. Zukerberg bu platformany ilkibaşda Harward uniwersitetiniň talyplaryna niýetläp çykarýar. 2006-njy ýylda bolsa, 13 ýaşyndan uly ähli ulanyjylara elýeterli edilýär. 2007-nji ýylda “MySpace”-den öňe geçip, dünýäniň iň meşhur platformasyna öwrülýär. 2012-nji ýylda ulanyjylarynyň sany 1 milliarddan geçýär. Şol ýyl “Facebook” 1 milliard dollara “Instagram”-y hem satyn alýar. 2014-nji ýylda “WhatsApp” söhbetdeşlik platformasyny 19 milliard dollara, hyýaly hakykat programmalaryny we enjamlaryny öndürýän “Oculus” kompaniýasyny 2 milliard dollara satyn alýar. Bu hyzmatdaşlyklar “Facebook”-yň tehnologiýa pudagyndaky ornuny berkidýär.
2024-nji ýylda kompaniýa girdejisini 22 göterim artdyryp, 164,5 milliard dollara ýetirýär. 2023-nji ýylda bu görkeziji 134,9 milliard dollar bolupdy.
“Facebook”-a eýeçilik edýän “Meta” konglomeratyna degişli ähli platformalaryň gündelik ulanyjylarynyň sany geçen ýyl 5 göterim köpelip, 3,4 milliarda ýetipdir.