Öz meýdançasynda “Reýnjersden” 3-1 hasabynda asgyn gelen Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary Şotlandiýada garşydaşynyň derwezesinden 2 gol geçirip, umumy hasaby deňledi. Gollaryň 2-sini hem 45-nji we 73-nji minutlarda Şimanski geçirdi. Ýöne türk kluby oýundan soňky penaltilerde 3-2 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.

Fransiýanyň “Liony” öz meýdançasynda Rumyniýanyň FKSB toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Duşuşykda Mikautadze (14, 47) bilen Nuamahyň (37, 88) hersi 2 gezek tapawutlandy. 1-nji oýunda Lion 3-1 hasabynda ýeňipdi.

Germaniýanyň “Aýntraht” topary-da öz meýdançasynda 4 gol geçiren toparlaryň biri boldy. Amsterdamdan 2-1-lik ýeňiş bilen dolanan frankfurtlylar “Waldstadion”-da “Aýaksy” 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Nemes klubunyň gollaryny Bahoýa (7), Gýotse (25, 82) hem-de Ekitike (67) derwezä girizdi.

Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary “Olimpiakosdan” 2-1 hasabynda utulsa-da, çärýek finala çykdy. Olar 1-nji oýunda 3-0 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygynda “Olimpiakosyň” gollarynyň 2-sini hem Roman Ýaremçuk geçirdi. “Bude-Glimt” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 1-nji oýunda 2 gezek tapawutlanan Högh öz adyna ýazdyrdy.