Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Bolonýa” topary ýeňiş gazandy. Rimdäki Olimpiýa stadionynda oýnalan finalda “Bolonýa” güýçli garşydaşy “Milany” 1-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 53-nji minutda Dan Ndoýe geçirdi. Ol çempionatdaky 1-nji aýlawyň duşuşygynda-da toparyna ýeňiş getiren goly öz adyna ýazdyrypdy. Finaldan 5 gün çempionatyň çägindäki duşuşykda “Milan” öz meýdançasynda “Bolonýany” 3-1 hasabynda ýeňipdi. Şunlukda, “Bolonýa” topary 51 ýyldan soň 3-nji gezek Italiýanyň Kubogyna mynasyp boldy. “Bolonýa” mundan öň 1970-nji we 1974-nji ýyllarda kubogy eýeläpdi. “Bolonýa” topary ýarym asyrdan gowrak wagt soň ilkinji uly kubogyny gazandy.
“Milan” bolsa 15-nji finalynda 10-njy gezek ýeňlişe sezewar boldy. Kubogy 5 gezek gazanan “Milan” soňky sapar 2003-nji ýylda, 22 ýyl öň bu ýaryşda ýeňiji bolupdy (1967, 1972, 1973, 1977, 2003). Soňky 3 finalda-da utulan “Milan” 5-nji kubogy üçin 26 ýyl garaşmaly bolupdy.
Italiýanyň Kubogyny iň köp “Ýuwentus” (15), “Roma” (9) hem-de “Inter” (9) toparlary gazandylar.