Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylygynda 21-22-nji noýabrda dünýäniň ösen we ösýän ykdysadyýetli 20 döwletiň Baştutanlary wirtual tertipde sammit geçirdiler. Syýasy çäräniň gün tertibinde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar, onuň netijesinde ýüze çykan global meselelere garşy göreş we dünýä ykdysadyýetini öňe ilerletmek boýunça çynlakaý çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, G20 toparynyň liderleri geljekde durnukly ösüşi gazanmak üçin pes uglerodly ykdysadyýeti ösdürmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini öňe sürdüler.

Onlaýn maslahatda “Uly ýigrimiligiň” liderleri howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak, energiýa ulgamlarynyň arassalygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak we energiýa bazarlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen pes uglerodly tejribäniň toplumlaýyn ulanylmagynyň tarapdarydygyny tassykladylar.

Maslahatdan soň G-20-niň ýaýradan beýanatynda merjen riflerini we deňiz ekoulgamyny goramagyň maksat edinilýändigi, topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagy we ýaşaýyş ýerleriniň ýitmegi ýaly meseleleri çözmek üçin anyk çäreleriň görüljekdigi tassyklanylýar. Topar daşky gurşaw meseleleri boýunça ylalaşylan kararlary kabul etmek bilen giň gerimli, dowamly we deňagramly geljegi gurmak ugrunda işlemegi wada berdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud onlaýn maslahatyň dowamynda ykdysady we demografik ösüşiň netijesinde, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň artmagy sebäpli Ýer togalagyny goramagyň möhümdigini belläp, G20 topary özüniň ägirt uly howa maksatlaryny amala aşyrmak üçin durnukly, pragmatik we tygşytly çemeleşmeleriň üstünde işläp, bu ugurda öňdebaryjy bolmalydygyny mälim etdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylygyndaky G20 döwletleriniň ýolbaşçylarynyň iki günlük 15-nji sammitinde taraplar toparyň üstünlikleriniň esasy özeni bolup durýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud öz gezeginde, şu ýyl G20 toparynyň uly üstünlik gazanandygyny, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda adamlaryň ömrüni we ýaşaýyş-durmuşyny goramak we ilatyň iň ejiz toparlaryny goramak maksady bilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi. – Biz dünýä ykdysadyýetiniň hemmetaraplaýyn dikeldilmegini ilerledip, durnukly ösüş gazanmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem durnuklyly we deňagramly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm çäreleri durmuşa geçirdik. Şoňa görä, G20 topary XXI asyrda Ýer togalagyny bilelikde goramak we täze gözýetimleri açmak arkaly bütin adamzat üçin ösüş mümkinçiliklerini döretmegini dowam etdirer– diýip Salman ben Abdul-Aziz Al Saud aýtdy.

Täze taslamalar durmuşa geçiriler

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş G20 liderlerini dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde tagallalaryny birleşdirmäge we hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çagyrdy. BMG-niň Baş sekretary birnäçe ýurtlaryň we sebit guramalarynyň ýaňy-ýakynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri babatynda öz üstüne alan möhüm borçnamalary barada durup geçip, 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin global bileleşigiň döredilýändigini aýtdy. Şeýle hem, G20 toparynyň agzalaryny uglerodyň bahasyny kesgitlemek, ýangyç üçin döredilýän ýeňillikleri ýatyrmak, kömür bilen işleýän täze elektrik beketleriniň gurluşygyny togtatmak ýaly çärelerde çynlakaý ädim ätmäge çagyrdy.

Uly ýigrimiligiň (G20) düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy we Ýaponiýa ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar bilen bir hatarda Ýewropa Bileleşigi girýär. Bu sammite döwletleriň merkezi banklarynyň ýolbaşçylaryndan başga, dürli halkara guramalarynyň wekilleri, şol sanda, Maliýe durnuklylyk boýunça Geňeşiň, Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň, Birleşen Milletler guramasynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.

G20 dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýäniň ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň mejlisinde maliýe ministrleri we merkezi banklaryň ýolbaşçylary derejesinde halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.