Gadymy Koreýanyň Kogurýo korollygyna (miladydan öň 37-668-nji ýyllar) degişli altyn möhür Gonkong auksionynda 10,8 million gonkong dollaryna (1,39 million dollar) satyldy. Iň soňky baha başdaky bellenen bahadan 9 esse ýokary bolup, gadymy möhürleriň gymmaty üçin täze rekord goýdy.
Boýy 2,8 santimetr, agramy 88 gram bolan bu artefaktyň ýüzüne “Kogurýoly markiz Guýä Szin dinastiýasyndan” diýen ýazgy oýulyp ýazylypdyr.