9-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi we dünýäde ykrar edilen tejribeli syýasatçy, parasatly Lider hökmünde giňden tanalýan Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampyň Milli Liderimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ABŞ-nyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu saparynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky netijeli dialogy ösdürmäge goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli senator Stiw Deýnsi we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurtlarymyz köp ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogyň ýola goýlandygyny belledi. Bu bolsa parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär.
Senator Stiw Deýns ABŞ bilen Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny belledi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň sporty, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, ABŞ-da hem bu sportuň muşdaklarynyň örän köpdügine ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň uly goşandy bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda netijeli we möhüm taslamalary amala aşyrýarlar.
Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlary halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Ýurdumyz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň ykdysady durnuklylygy, sebit hyzmatdaşlygyny, abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz bilim we ylym ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň medeniýetara dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.