“Galatasaraý” 100 million ýewrolyk hüjümçini transfer etdi

142

Türkiýäniň çempiony “Galatasaraý” Italiýanyň “Napoli” klubundan nigeriýaly ýyldyzy hüjümçi Wiktor Osimheni transfer etdi. Stambullylar 25 ýaşyndaky hüjümçi bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy. Osimhen transfer möwsüminiň dowam eden günlerinde 3 klub – “Al Ahli”, “Çelsi”, PSŽ toparlary içgin gyzyklandy. Ýöne oýunçynyň bahasynyň ýokary bolmagy sebäpli bu transfer amala aşmady. Soňky günde “Çelsiniň” gapysyndan yzyna gaýdan Osimhen “Napoli” toparynda-da sanawyň daşynda galany üçin ýanwara çenli ýaşlar düzüminde oýnamaly bolupdy. Transfer bazaryndaky bahasy 100 million ýewro deň bolan Osimhen “Wolfsburgda” futbola başlap, Belgiýanyň “Şarlerua”, Fransiýanyň “Lill” klublarynda oýnady. “Napolide” 4 möwsüm çykyş eden Osimhen 2023-nji ýylda gazanylan çempionlygyň baş gahrymanlaryndan hasaplanýar. Ol italýan klubunda 133 oýunda 76 gezek tapawutlandy.

Osimheniň transfer bazaryndaky bahasyny hasaba alanyňda, ol Türkiýäniň “Süper Lig”-inde çykyş edýän klublaryň 16-synyň gymmatyna deňdir.