Dünýäde totularyň 400-den gowrak görnüşi bar. Adama iň ýakyn guşlaryň biri bolan totular täsin daşky görnüşi we geplemäge ukyplylygy bilen köpleriň söýgüsini gazanýar. Totularyň iň kiçi görnüşi buff ýüzli pigme (Micropsitta pusio) bolup, uzynlygy bary-ýogy 8-9 santimetre, agramy 10-12 grama ýetýär. Gepleýän guşlaryň iň ulusy bolsa uzynlygy 1 metre çenli ýetýän sümbül makau (Anodorhynchus hyacinthinus) hasaplanýar. Totularyň täsin görnüşleriniň hatarynda agramy we uly göwresi bilen tapawutlanýan kakapo hem bar.
Kakapo Täze Zelandiýada ýaşaýan endemik guş bolup, maori dilinden terjime edilende «gijeki toty» diýmegi aňladýar. Totynyň ýeke-täk uçup bilmeýän görnüşi bolan kakaponyň agramy 4 kilograma, göwresiniň uzynlygy 58-65 santimetre çenli ýetýär. Baýguşa meňzeş ýaşylymtyl-sargylt ýelekli bu guş gijeki jandar hasaplanýar. Kakapolar gündizine uzyn agaçlaryň şahalarynda dynç alyp, garaňky düşenden soň iýmitlenmek üçin aşak düşýärler. Kiçijik ganaty bolsa-da, uçup bilmeýän bu guşlar Täze Zelandiýadaky ýyrtyjy jandarlaryň az bolan adalarynda ýaşaýarlar. Uçup bilmeýändigine garamazdan, kakapolar ökde dyrmaşyjylar hasaplanýar. Bu guşlar beýik agaçlara çaltlyk bilen çykyp, deňagramly hereket etmek bilen aşak böküp bilýärler. Ganatyny diňe «paraşýut» hökmünde ulanýan baýguşa meňzeş totular gülüň ysyna meňzeş ýakymly ys bölüp çykarýarlar. Kakapo howply ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolanda ylgamagyň ýa-da uçmagyň ýerine gymyldamazdan doňup galýar. Bu guşuň ýanyna gelen ýyrtyjy bolsa, guşy ysgap, gülmükä öýdüp, deňinden geçip gidýär. Täsin goranyş emelini ulanýan äpet totular 5 kilometr uzaklykdan biri-biri bilen habarlaşyp bilýärler.
Kakaponyň bedeniniň ýokarky böleginde we guýrugynda garamtyl ýa-da goňrumtyl tüýleri bolýar. Bu tüýler guşuň sarymtyl-ýaşyl ýelekleri bilen sazlaşyp, tokaýyň içinde gizlenmegine ýardam edýär. Äpet totynyň ýüzi baýguşa meňzeş bolup, egrelip duran uly çüňki bar. Barmagy edil totularyňky ýaly, ikisi öň, ikisi hem yz tarapynda bolýar. Murt ýaly hüžžerip duran tüýi bolan bu guşlar hemişe başyny aşak salyp ýöreýärler. Ýaprak, miwedir däneli ösümlikler bilen iýmitlenýän kakapolar sagatda 8 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler.
Kakapolar 60-90 ýyla çenli ýaşaýarlar. Uzak ýaşaýandygyna garamazdan, bu guşlar örän haýal köpelýärler. Ylmy ady «Strigops habroptilus» bolan baýguş totulary irki ýyllarda maoriler tarapyndan köp awlanypdyr. Şeýle hem öýde eldeki görnüşde saklanyp, etinden we tüýünden peýdalanylypdyr. Geçmişde kakapolar Täze Zelandiýada iň köp ýaýran guşlaryň biri bolupdyr. Ýöne 1840-njy ýyllardan başlap ekerançylyk ýerleriniň köpelmegi we adamlaryň adalara göçüp gelmegi bilen, baýguş totusynyň sany azalyp ugraýar.
XIX asyrda tutuş dünýäde uly gyzyklanma döreden bu guşlaryň aglaba bölegi tutulyp, haýwanat baglaryna, muzeýlere we kolleksiýaçylara ugradylýar. Kakapolar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan sany azalyp barýan guşlaryň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda uçup bilmeýän totularyň umumy sany 150 töweregi diýlip çaklanylýar.
PDF









