18-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de sungat ussatlarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungat älemine söýgini döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşigiň tapgyrlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
PDF









