Gazagystanyň Žambyl oblastynda gymmaty 1,2 milliard ýewro, kuwwaty 1 gigawat (GW) boljak «Žambyl» ýel elektrik parkynyň hem-de 600 megawat/sagat (MWt/sag) sygymly energiýa saklaýjy batareýa ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi. Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) bilen bilelikde amala aşyrylýan bu ägirt uly taslama Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri çygyryndaky iň iri başlangyçlaryň biri bolup durýar. Taslamanyň esasy guramaçysy hökmünde Abu-Dabi şäheriniň «Masdar» kompaniýasy çykyş edýär.
Täze energetika desgasy doly ulanmaga berleninden soň, ýurduň energiýa taýdan gytçylyk çekýän günorta sebitlerindäki 300 müňe golaý hojalygy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem ol kömürturşy gazynyň (CO₂) zyňyndylaryny ýylda, takmynan, 2 million tonna azaltmaga ýardam eder. Öndüriljek elektrik energiýasy 400 kilometrden gowrak uzynlygy bolan täze howa elektrik geçiriji ulgamlary arkaly çekiler we bu ýurduň könelişen sebitara torlaryna düşýän agramy azaldyp, günorta sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
Bu başlangyç iki ýurduň arasynda COP28 we COP29 halkara howa maslahatlarynyň çäklerinde gol çekilen hökümetara ylalaşyklaryna esaslanýar. Taslama «Masdar» kompaniýasynyň 2030-njy ýyla çenli dünýä boýunça gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny 100 gigawata ýetirmek baradaky hemmetaraplaýyn strategiýasynyň möhüm bölegidir. Taslama, azyndan, 30 ýyl möhlete niýetlenendir.
Mälim edilişi ýaly, bu desganyň gurluşygy BAE-niň «W Solar» kompaniýasy, Gazagystanyň «Samruk-Kazyna» gaznasyna degişli «Qazaq Green Power» hem-de Gazagystanyň maýa goýumlaryny ösdürmek gaznasy (KIDF) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Gazagystanyň resmi wekilleriniň bellemegine görä, şeýle iri halkara kompaniýalaryň ýurda maýa goýmagy döwletde amatly işewürlik gurşawynyň emele gelendigini we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigini görkezýär.
Şeýle hem taslamanyň çäklerinde milli önümçiligi we ýerli ukyplary ösdürmek maksat edinilýär. Beketde oturdyljak enjamlaryň bir bölegi «Sunny Renewables» kompaniýasy bilen döredilen bilelikdäki kärhananyň çäklerinde Gazagystanyň özünde öndüriler. Häzirki wagtda «Samruk-Kazyna» gaznasy tarapyndan jemi 6 gigawat kuwwatlyga barabar bolan «ýaşyl» energiýa taslamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär we olar sebitde ekologik durnuklylygy hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
PDF









