«Holafly» halkara kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026-njy ýylyň Ekran syýahatçylygynyň çaklama indeksine (Screen Tourism Forecast Index) görä, şu ýyl dünýäde meşhur film we seriallaryň düşürilen ýerlerine syýahat etmek isleýänleriň hasabyna Günorta Koreýada, Ispaniýada we Gresiýada kinosyýahatçylaryň ägirt uly akymyna garaşylýar. Taýýarlanan indeks tomaşaçylaryň sanyny, kontentiň medeni täsir güýjüni, görkezilýän ýeriň simwoliki ähmiýetini we sebitleriň syýahatçylary kabul ediş mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, 100 ballyk şkala bilen ýurtlaryň garaşylýan syýahatçylyk derejesini kesgitledi.
Görkezijilere laýyklykda, Günorta Koreýa 100 balldan 87,6 ball alyp, sanawyň birinji ornuny eýeledi. Ýurtda garaşylýan syýahatçylyk ösüşi «All of Us Are Dead» serialynyň täze möwsüminiň çykmagy bilen baglanyşdyrylýar. Sebäbi bu döwletde ekran syýahatçylygy, eýýäm, milli ykdysadyýetiň durnukly sütünine öwrüldi. Sanawda ikinji orny eýeleýän Ispaniýa bolsa (78,0 ball) «House of the Dragon» serialynyň üçünji möwsüminiň netijesinde özüniň Kazeres we Ourense ýaly Orta asyr şäherjiklerine müňlerçe kinosyýahatçyny çekjekdigi çaklanylýar. Mundan başga-da, režissýor Kristofer Nolanyň golaýda premýerasy boljak «The Odyssey» filminiň surata düşürilen ýerleri bolan Gresiýa hem-de Sisiliýa adasy hem kinosyýahatçylaryň esasy ugurlaryna öwrüler. Bu bolsa Gresiýanyň Peloponnes sebitinde täze açylan 1 müň 700 kilometrlik syýahatçylyk ýodalarynyň işjeňligini has-da artdyrar.
Halkara seljermelere görä, ekran syýahatçylygy, ýagny filmler arkaly syýahat ugurlaryny kesgitlemek guraly soňky ýyllarda dünýä syýahatçylyk senagatynyň iň çalt ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Gözleg indeksiniň ilkinji onlugyna ýokarky ýurtlar bilen bir hatarda, Irlandiýa («Wednesday» serialy), Taýland («Jurassic World Rebirth» filmi), Glazgo («Spider-Man: Brand New Day» filmi), Günorta Afrika («Mission: Impossible 8» filmi), Iordaniýa («Dune: Prophecy» serialy) we Çehiýa («Blade Runner 2099» filmi) ýaly döwletler hem girdi. Şeýle taslamalar degişli sebitleriň halkara awiagatnawyny we myhmanhana ulgamyny ösdürmäge hem-de maýa goýum çekmäge goşmaça itergi berýär.
PDF









