Kelem adam bedeni üçin gerekli bolan maddalary özünde jemleýän gök-bakja önümleriniň biridir. Gat-gat ýaprakly bakja önüminiň immuniteti güýçlendirmekden başlap, iýmit siňdirişi gowulandyrmaga çenli birnäçe peýdasy bar. Kelemiň ter ýapragyndan dürli görnüşli çorbalar, işdäaçarlar, tiz taýýar bolýan tagamlar we başga-da birnäçe içimlikler taýýarlanylýar. Düzüminde B, C, K witaminini, belok we süýüm saklaýan kelemiň adam saglygyna täsiri şulardan ybarat:
Immuniteti güýçlendirýär. Bu bakja önümindäki askorbin kislotasy hem diýilýän C witamini kollagen ýasamaga kömek edýär we immuniteti güýçlendirýär.
Iýmit siňdirişini gowulandyrýar. Fitosterollar (ösümlik sterollary) we eräp bilmeýän süýüm bilen gaplanan kelem iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirip, içegedäki hereketleri yzygiderli sazlamaga kömek edýär. Bilermenler artykmaç agramdan dynmak isleýän adamlara kelem iýmegi maslahat berýärler.
Ýüregi goraýar. Alymlar kelemde 36 dürli antosýaniniň bardygyny ýüze çykardylar. Antosýaninler çişme howpuny azaltmak bilen çäklenmän, ýürek bilen bagly töwekgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam edýär. Kelem ýürek-damar ulgamynyň saglygyny goramak üçin peýdaly iýmitleriň biridir.
Gan basyşyny peseldýär. Kaliý gan basyşyny gözegçilikde saklamaga kömek edýän mineral we elektrolit bolup, bu madda, esasan, gyzyl kelemde köp mukdarda saklanýar.
Holesterini peseldýär. Kelemiň düzüminde arteriýada döräp biljek gaýry üzülmeleriň öňüni alýan süýüm we ösümlik sterollary bolup, holesteriniň derejesini peseltmäge ýardam edýär.
Süňki berkidýär. Kelemdäki K witamini oňurga süňklerinde döreýän osteoporoz keseliniň öňüni alyp, gan damarlarynyň we ganyň kadaly ýagdaýda bolmagyny sazlaýar.
Düwnük keseliniň döremek howpunyň öňüni alýar. Alymlar kelemiň ýapragynda düwnük keseliniň öňüni almaga ýardam edýän fitokimiki maddalaryň bardygyny anykladylar. Antioksidantlar we glýukozinolatlar ýaly ösümlik birleşmelerini, şeýle hem kükürdi öz içine alýan bu himiki maddalar iýmit siňdiriş agzalarynda düwnük keseline garşy göreşmäge hem-de bedeni arassalamaga kömek edýär. Alymlar duzlanan kelemiň saglyk üçin has-da peýdalydygyny belleýärler.
PDF








