Dilimlenen limon atylan arassa suw rahatlandyryjy we serginlediji içgidir. Limonly suwy ýagdaýa görä içmek saglyk üçin peýdalydyr. Ýöne artykmaç mukdarda limon goşulan suw içilende bedene zyýan ýetirip hem biler.
Bilşimiz ýaly, limon C witaminiň çeşmesidir. Limon şiresi sykylan suw immuniteti berkidýär, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirip, sussupeslik we içgysma ýaly alamatlary aradan aýyrýar. Mundan başga-da, limonly suw gan basyşyny peseltmäge, ýürek saglygyny goramaga, bedende kollagen önümçiligini ýokarlandyryp, derini ýaş we çeýe saklamaga ýardam edýär. Kaliniň baý çeşmesi bolan limonly suw böwrekde daşyň döremeginiň we ýokançlyklaryň öňüni alyp, aýakdaky guragyry alamatlaryny azaldýar. Şeýle hem bedeni toksinlerden arassalap, erkin radikallara garşy göreşmäge ýardam edýär.
Köp tarapdan peýdaly hasaplanýan limonly suw düzüminde kislota saklaýandygy sebäpli, käbir ýagdaýlarda zyýanly hem bolup biler. Limonly suwy köp içmek, ilki bilen, diş üçin zyýanly bolup, dürli gyjynmalary döredip biler. Aşgazan kislotasynyň köpelmegine sebäp bolýan limonly suw içegede we aşgazanda ýaranyň döremegi, gastrit ýaly çynlakaý meseleleri döredip biler. Limonly suw böwregi arassalaýandygy sebäpli, bedende suw ýetmezçiligine getirip biler. Limonly suw bedende demriň siňdirilmegine täsir edip biler. Şeýle hem dilimlenen limon oklanan suw käte allergiýa hem sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda haýal etmän, maşgala lukmanyna ýüz tutuň!
Limonly suwy haçan içmeli?
Haýsy maksat bilen içýändigiňe (horlanmak, iýeniňi siňdirmek, rahatlanmak) baglylykda, limonly suwy irden turan badyňa, nahardan soň ýa-da ýatmazdan öň içip bolar. Irden aç garna limonly suw içmek bedenden artykmaç galyndylary aýyrmaga ýardam edýär. Nahardan soň limonly suw içmek iýeniňi siňdirmäge, içegeleriň kadaly işlemegine kömek edýär. Ýatmazdan öň bir bulgur limonly suw içmek dartgynlylygy aýryp, rahat we kadaly ukyny üpjün edýär.
PDF








