Ginnesiň Rekordlar kitaby taryhdaky iň uly köli tassyklady

159

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitaby Ýeriň taryhyndaky iň uly köli atlandyrdy. Paratetis kölüniň (“Megalake paratethys”) taryhdaky iň uly köldügi 2021-nji ýylda anyklanypdy. Rekord görkezijiniň şu köle degişlidigini golaýda rekordlar kitaby tassyklandy. Niderlandlaryň Utrehtsk uniwersitetiniň alymlarynyň Braziliýadan, Russiýadan hem-de Germaniýadan bolan kärdeşleri bilen geçiren hasaplamalary gadymy Paratetisiň suwunyň 2,8 million inedördül kilometre deň bolandygyny çykardylar. Munuň özi häzirki Ortaýer deňziniň suwundan hem köpdür. Takmynan, 11 million ýyl ozal hem bolan bu suw howdany günbatardaky Alp daglaryndan gündogara – Türkmenistana çenli uzapdyr. Şol bir wagtyň özünde hem, suwunyň häzirki zaman kölleriniň ählisiniňkiden 10 esse köplügi bilen tapawutlanypdyr. Paratetis gurap başlanda, onuň ýerine üç deňiz – Gara deňiz, Hazar we Aral emele gelipdir. Alymlar kölüň ululygyny kesgitlemek üçin dürli tehnologiýalaryň we innowasion gurallaryň mümkinçiliklerinden peýdalandylar we onuň taryhyny täzeden “dikeltdiler”. Şeýle hem, suwasty relýefiň 3D kartalaryny düzdüler we ýerleşýän ýeriniň tektoniki işjeňligini öwrendiler. Alymlar howanyň üýtgemeginiň suw howdanynyň ýitip gitmegine sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Şeýlelikde, Paratetis suw göwrüminiň üçden birini we tutýan meýdanynyň 70%-ini ýitiripdir, suwuň derejesi bolsa 250 metr aşak düşüpdir.

Bilbil JOMARDOWA, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň başlangyç we iňlis dili mugallymy.