Gol geçirtmezden 1/8 finala çykdy

13

Dünýä Kubogynda ýer eýeleriniň biri bolan Meksikanyň ýygyndysy ýoluny dowam edip, olar 1/16 finalda Ekwador bilen duşuşdy. Mehiko Sitidäki meşhur “Estadio Azteca”-da geçirilen oýna 80 824 janköýer tomaşa etdi. Çekeleşikli geçen oýunda Meksikanyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň gollaryny edil açylyş oýnundaky ýaly Hulian Kuinýones (22) bilen Raul Himenes (31) geçirdi. Oýnuň ahyrynda Ekwadordan Hinkapie täze düzgüne göre, gadagan bolan hereket sebäpli gyzyl kart aldy.

Şeýlelikde, Meksikanyň ýygyndysy 4-nji duşuşygynda-da gol geçirtmezden ýeňiş gazanmagy başardy. Ilkinji gezek bir çempionatda 4 oýunda ýeňiş gazanan Meksikanyň ýygyndysy soňky 9 Dünýä Kubogynda 8-nji gezek 1/8 finalda oýnar. Olar 1994-nji ýyldan bäri 1/8 finala çykyp gelýärdi. Diňe Katar 2022-de bu statistikalaryny ýöredip bilmändiler.

Meksikanyň ýygyndysynyň indiki tapgyrda Angliýanyň ýa-da Kongo DR-niň ýygyndysy bilen duşuşar.