Ýurdumyzda goňşy döwletler bilen, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde yzygiderli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini guramaga taýýarlyk görülýär. Iki dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak üçin geçiriljek sergä milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada 11-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.