Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň täze önümleriniň, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şunda teklip edilýän taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligine, olaryň ekologiýa talaplara laýyklygyna aýratyn üns berildi. Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyny (IFT 2025) “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy guraýar. Fo­ru­ma gatnaşmak üçin 26 ýurt­dan 200-den gow­rak we­ki­l Aşgabada geldi. Ýurdumyzyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar, iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem yk­dy­sa­dy­ýet we in­no­wa­si­ýa­lar ul­ga­myn­da­ky hü­när­men­ler hem halkara foruma işjeň gat­naşdy­lar.