Ýaponiýanyň «Nissan Motor Co» hem-de Fransiýanyň «Renault SA» awtoulag kompaniýalary, dünýäniň iň çalt ösýän awtoulag bazarlarynyň biri bolan Hindistanda täze awtoulag modellerini işläp düzmek üçin 600 million dollar maýa goýum özleşdirmegi meýilleşdirýärler. BMG-niň maglumatlaryna görä, ýakyn geljekde dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolmagyna garaşylýan bu ýurt soňky ýyllarda senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Birnäçe ýyldan bäri ýurtda senagat kärhanalaryny ösdürmek isleýän daşary ýurtly kompaniýalaryna uly ýeňillik döredýär. Bu bolsa, daşary ýurtly göni maýa goýumlary has köp çekmäge müminçilik berýär. Ýapon we fransuz kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyň şertleri barada pikir alyşjakdyklary mälim edildi. «Nissan» kompaniýasy hindistanly we daşary ýurtly müşderiler üçin awtoulaglaryň alty sany täze modelleriniň üstünde işlenip başlanjakdygyny mälim etdi. bu modelleriň ikisiniň uly bolmadyk elektroulag boljakdygy mälim edildi.
Köp ilatly şäherleri bolan Hindistanda ýangyjy tygşytly sarp edýän kiçi göwrümli awtoulaglara has köp isleg bildirilýär.
Şamyrat Annaýarow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.