Çaý suwdan soň dünýäde iň köp içilýän içimlik bolup, kofe üçünji orunda gelýär.
Çaýyň ata Watany Hytaý bolup, 5 müň ýyldan gowrak wagt bäri bu ýurtda meşhur içimlik hasaplanýar.
Ming neberesi döwründe (Hytaý) kerpiç ýaly gysylan çaý ýapraklary puluň ornuna hem ulanylypdyr.
1300-nji ýyllarda çaý ýapon medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
XVII asyryň ortalarynda Angliýa ilkinji gezek çaý getirilýär. Şol döwürler bahasy örän gymmat bolan bu harydy diňe baýlar alypdyr. Angliýada çaý satýan söwdagärler dükanynyň golaýynda kiçijik çaýhanalar açyp başlapdyrlar.
Angliýada ilkibaşda çaý adaty käsede içilipdir. XIX asyryň başynda hytaýly täjirleriň söwda ýoly arkaly getirmegi bilen çaý içilýän tutawaçly käseler – çaşkalar ýörgünli bolup başlaýar.
Döwrüniň iň gymmat harytlarynyň biri bolan çaý daşamak üçin 1869-njy ýylda «Katti Sark» atly gämi işe girizilýär. Ýük göterijiligi 10 müň halta bolan bu gämi 200 million käse çaý ýasap bolar ýaly mukdardaky atym çaýyny Hytaýdan Angliýa daşaýar.
Aziýalylar we Ýakyn gündogarlylar 11 müň ýyl ozal keramiki gaplarda çaý içipdirler.
Amerikalylar 1904-nji ýylda Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisinde ilkinji buzly çaýy dadyp görýärler. Häzirki wagtda amerikalylar her ýyl, takmynan, 50 milliard bulgur buzly çaý içýärler. Bu ABŞ-da içilýän çaýyň 80%-den gowragyny emele getirýär. Buzly çaý häzirki wagtda dünýäniň köp ýurdunda «Lipton» we «Nestea» atly markalar bilen meşhurdyr.
Çaýyň Hytaýda ösdürilip ýetişdirilýän seýrek duş gelýän görnüşi bolan teguanin dünýädäki iň gymmat çaý hasaplanýar. Lezzetli tagamy bolan bu çaýyň ýapragyny 7 gezek demläp bolýar.
Dünýäde çaýyň 1500-den gowrak görnüşi bar. Çaý Aziýanyň käbir ýerlerinde ýabany ösýär, ýöne 25-den gowrak ýurtda bu ösümlik ýörite ekilýär.
XVII asyryň ortalaryna çenli hytaý çaýlarynyň hemmesi gök çaýdy. Söwdanyň artmagy bilen hytaýly ekerançylar ýörite turşatma usuly arkaly hoşboý ysly gara çaý öndürmäge başlaýarlar.
Haltajykly çaýlar ABŞ-da işlenip taýýarlanýar. 1908-nji ýylda Nýu-Ýorkda ýüpek haltajyklarda möhürlenen önümiň nusgalary şäheriň restoranlaryna iberilýär. Şeýlelikde, restoranlarda wagty tygşytlamak üçin çaý demlemegiň täze usuly – ýüpli çaýlar meşhur bolup başlaýar.
Çaýyň, esasan, gök, gara we ak ýaly görnüşleri bar. Ak çaý süýjümtik tagamy bilen tapawutlanyp, çaý ösümliginiň öserindäki güllerden alynýar.
Çaý dünýä dilleriniň aglaba böleginde 2 söz bilen: «çaý» we «te» (tee, tea) görnüşinde aňladylýar.
Iň köp çaý içilýän ýurtlaryň sanawynda Türkiýe birinji orny eýeleýär. Ikinji Irlandiýa, üçünji Angliýa gelýär.