Hytaýda ululy-kiçili 1 million töweregi oba bar. Dünýäniň önümçilik taýdan ösen bu ýurdunda çaý obalaryna, dagyň kert gaýalarynda ýerleşýän gadymy obalara, adalarda mesgen tutan balykçylar obasyna we şaly ekmäge ýöriteleşen daýhanlaryň obalaryna duş gelmek bolýar. Hytaýyň tokaýa örtülen kiçijik Houtouwan obasy hem täsin ýerleriň biri hasaplanýar.
Şengşan adasynda ýerleşýän Houtouwan obasynda 1990-njy ýyllara çenli balykçylyk gülläp ösüpdir. Maglumatlara görä, şol ýyla çenli obada 3 müň töweregi balykçy ýaşapdyr. Balykçylaryň başga ýerlere göçüp gitmegi bilen bolsa obanyň ýaşaýyş jaýlaryny çyrmaşyk ösümliklerdir agaçlar eýeläpdir. Uzakdan seredeniňde ýaşyl geýnen owadan tokaýa meňzeýän bu obada jaýlaryň ählisi daşdan gurlupdyr.
Houtouwanda içimlik suwuň we elektrik togunyň (yşygyň) ýokdugyna garamazdan bu oba Hytaýyň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýar. Halk arasynda «taşlanan oba» ady bilen tanalýan bu ýere ýylboýy müňlerçe syýahatçy barýar. Bu oba gezelenje gideniňde içjek suwuňy we iýmitiňi ýanyň bilen alyp barmaly. Çünki bu obada ýaşaýjy we söwda dükanlary ýok. Şeýle hem Houtouwan obasynyň daşly ýollarynda ýöremek üçin çydamly aýakgaplary geýmeli. Tokaýa bürenen bu oba Şanhaýdan 4 sagatda baryp bolýar.