Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda toparyň horjunyna on medal getirdi.
Bäsleşige 23 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Olar erkekler we zenanlaryň arasynda sport hem söweş sambosy, şeýle hem SVI-1 (batyllar) we SVI-2 (çala görýänler) synplarynda sambo boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň ilkinji gününde, öň habar berlişi ýaly, ildeşlerimiz ikisi kümüş, dördüsi bürünç bolmak bilen, alty medala mynasyp boldular. Sport sambosynda hormat sekisiniň ikinji basgançagyna 58 kg agram toparyndan Muhammetmyrat Babekow (6 bäsdeş), söweş sambosynda bolsa 98 kg çenli agram toparyndan Bezirgen Begenjow (5 bäsdeş) çykdy. Dört bürünç medal bolsa sport sambosy boýunça erkekler ýaryşynda Sapar Döwletow (64 kilograma çenli, 8 bäsdeş), Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli, 5 bäsdeş), Züleýha Hudaýberdiýewa (54 kilograma çenli, 5 bäsdeş) we Merjen Joraýewa (59 kilograma çenli, 4 bäsdeş) dagynyň nesibesi boldy.
Bäsleşigiň ikinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň horjunyna ýene dört bürünç medal girdi. Olary söweş sambo ussatlary gazandylar. Mergen Durdyýew (64 kg çenli, 9 bäsdeş) çärýek finalda Orlando Kastilony (Filippinler) 4:0 hasabynda ýeňip, ýarym finalda bolsa Aslan Turusbekowdan (Gazagystan) 0:2 hasabynda ýeňlip, bürünç medal gazandy. Ýusup Taňryberdiýew (58 kg çenli, 5 bäsdeş), Zyba Orunowa (59 kg çenli, 4 bäsdeş) we Maýsa Gupbykowa (65 kilograma çenli, 4 bäsdeş) ýarym final tapgyrynyň ilkinji çykyşlarynda ýeňildiler we hormat münberiniň üçünji basgançagyna laýyk boldular.