“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň täze partiýa döretmek baradaky karary ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň salgytlary we çykdajylary azaltmak üçin täze kanuna gol çeken gününiň ertesi mälim edildi. Şeýlelikde, Ilon Mask X ulgamynda “Amerika” partiýasynyň dörediljekdigini yglan etdi.
4-nji iýulda ýurduň Garaşsyzlyk güni, Mask öz platformasyndaky abonentlerden täze partiýanyň gerekdigini ýa-da ýokdugyny sorap, pikir soralyşyk geçirdi. Pikiri soralanlaryň 65 göterimden gowragy bu soraga “hawa” diýip jogap berdi.
Ilkibaşda X saýtynda we Prezident saýlawlarynda Trampa maliýe taýdan goldaw bereninden soň, Mask ABŞ-nyň hökümetiniň netijeliligi boýunça ministrliginiň (DOGE) başlygy bolupdy.