Her halkyň özüne mahsus tagamlary we tagam taýýarlaýyş usullary bar. Datlylygy we elýeterliligi bilen tapawutlanýan köçe tagamlary dünýä aşhanasynda dürlüligi emele getirýär. Köçe tagamlary ýurduň medeniýetini we taryhyny iň ýakyn görnüşde öwrenmäge ýardam berýär. Gazetimiziň şu sanynda dürli halklara mahsus iň gowy köçe tagamlary bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Falafel, Orta Gündogar. Owradylan nohut bilen künjüden mynçgylanyp, tokga edilip gowrulýan falafel Ýakyn Gündogaryň iň meşhur köçe tagamlarynyň biridir. Esasan hem, bu iýmiti taýýarlamaga müsür we liwan aşhanalarynda has uly üns berilýär. «Gowrulan topjagaz» hem diýilýän bu tagama çörek owuntyklarydyr duzlanan gök önümler hem goşulyp, gök otlar bilen bilelikde hödür edilýär. Falafel Dubaýyň köçe tagamlarynyň iň meşhurlarynyň biridir. Bu tagam gök önüm söýüjileriň iň halaýan iýmitleriniň biridir.
Ban mi, Wýetnam. Fransuz we Aziýa tagamlaryny birleşdirýän ban mi bagetiň arasyna goýlup taýýarlanylýan wýetnam sendwiçidir. Bu tagam et, paştet, ter we duzlanan gök önümler (hyýar, käşir, turp, burç), gök otlar goşulyp taýýarlanylýar. Wýetnamlylar milli tagamy üçin tüwi unundan baget bişirýärler. Soňra uzyn çöregi ýarym görnüşde kesip, içine dürli huruşlary goýup müşderilere hödür edýärler. Wýetnam sendwiçi maýonezli, balyk sously ýa-da soýa sously görnüşde taýýarlanylýar. Häzirki wagtda Wýetnamyň tiz tagamy hasaplanýan ban mi dünýäniň dürli ýurtlaryna ýaýran iň meşhur köçe tagamlarynyň biridir.
Tako, Meksika. Et, deňiz önümleri, owunjak dogralan gök önümler, awakado, peýnir we sous goşulyp taýýarlanylýan bu tagam iki bükülen ýassy çöregiň arasyna goýlup hödür edilýär. Meksikalylaryň milli tagamy bolan takony taýýarlamak üçin mekgejöwen unundan ýukajyk çelpek bişirilýär. Takonyň meksikan nusgasyndan başga-da, ýeralma we fransuz peýniri salnyp taýýarlanylýan fransuz görnüşi hem bar. Agzyňda eräp gidýän bu köçe tagamy ýumşaklygy we datlylygy bilen tapawutlanýar.
Karriwurst, Germaniýa. Dilimlenip gyzardylan şöhladyň üstüne karri tagamly pomidor üwmeji goýlup hödür edilýän bu tagam Germaniýada iň köp iýilýän tiz tagamlaryň biridir. Adatça, karriwurstyň ýany bilen inçejik dogralyp gowrulan fransuz ýeralmasy (badat) we bulka ýaly çörek berilýär. Ikinji jahan urşundan soň Berlinde dörän bu tagam nemes aşhanasynyň nyşanydyr.
Çurros, Ispaniýa. Däp boýunça ertirlik nahary ýa-da çaýyň ýany bilen iýmek üçin berilýän bu tagam Ispaniýada iň köp iýilýän süýjülikleriň biridir. Bu tagamy taýýarlamak üçin ilki hamyr ýugrulýar we inçejik turbadan geçirilip, ýagda gowrulýar. Soňra gyzardylan çöpjagazlar bir käse gyzgyn şokolad bilen bilelikde hödür edilýär. Çurros taýajyk ýaly görnüşde hem, tegelek, ýarym aýlaw görnüşde hem bolup bilýär. Ispan çopanlary tarapyndan oýlanyp tapylan çurros iň meşhur köçe tagamlarynyň biridir.
Döner kebap, Türkiýe. Türk gastronomiýasyndan gözbaş alýan döner kebap Osman imperiýasy döwründe oýlanyp tapylýar. Ilkibaşda közüň üstünde keseligine goýlup bişirilen bu tagam 1850-nji ýyllardan soň dikligine bişirilip başlanypdyr. Türkiýäniň Bursa şäheri döneriň dörän ýeri hasaplanyp, XX asyryň ahyrynda çalt tagam görnüşinde çöregiň arasyna goýlup köpçülikleýin satylyp ugraýar. Adatça, döner kebap goýun etinden taýýarlanylýar. Soňky ýyllarda bu köçe tagamy sygyrdyr towuk etinden hem taýýarlanylýar. Döner kebap çöregiň arasyna goýlup, owunjak dogralan gök önümlerdir pomidor sousy bilen bilelikde hödür edilýär.
Pani puri, Hindistan. Hamyrdan ýasalyp, gyzardylyp gowrulýan içi boş topjagazlaryň içine gaýnadylan ýeralma, nohut, sogan we gök otlar salnyp taýýarlanylýan pani puri hindileriň iň meşhur köçe tagamy hasaplanýar. Taýýarlanylýan ýerine baglylykda, limonyň suwy we gök otlar bilen bilelikde hödür edilýän bu tagam Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem taýýarlanylýar.
Takoýaki, Ýaponiýa. Gaýnadylan osminogdan ýukajyk hamyr dolanyp, ýörite tabada togalak edilip bişirilýän bu tagam gyzgynlygyna müşderilere hödür edilýär. Üstüne owunjak dogralan deňiz otlary sepilip, maýonez bilen bilelikde berilýän takoýaki Osakada dörän tagam hasaplanýar. Takoýaki festiwallarda, bazarlarda, restoranlarda hödür edilýän iň meşhur köçe tagamlarynyň biridir.
Jerk towuk budy, Ýamaýka. Hoşboý ysly otlar bilen marinad edilip, mangalda bişirilýän towuk budy ýamaýka aşhanasynyň iň meşhur köçe tagamlarynyň biridir. Tüssäniň we otlaryň ysy urýan bu tagam köplenç gaýnadylan tüwi we dilimlenen limon bilen bilelikde hödür edilýär.
PDF









