Ýurdumyzda ykdysadyýetiň innowasion ösüşini gazanmaga, ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Bu barada 11-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.
PDF








