Italiýanyň Kubogy ýaryşynda (Coppa Italia) ilkinji finalçy “Milan” topary bolup, olar derbide şäherdeşi “Interi” myhmançylykda 3-0 hasabynda utdy. “Milana” uly hasap bilen ýeňiş getiren gollary Luka Ýowiç (36, 49) bilen Tijani Reýnders (85) geçirdi. 1-nji duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. “Milan” şu möwsümde “Inter” bilen geçiren ýeke duşuşygynda-da ýeňilmedi (3 ýeňiş, 2 deňlik).

Şunlukda, 2003-nji ýyldan bäri bu kubogy gazanyp bilmän gelýän “Milan” 7 ýyldan soň finala çykdy. “Milanyň” finaldaky garşydaşy “Bolonýa” ýa-da “Empoli” bolup, bu ýarym finalyň jogap duşuşygy şu gije geçiriler. “Bolonýa” 1-nji oýunda 3-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Final duşuşygy 14-nji maýda oýnalar.