Kaliforniýa ştatynda söweş sungatynyň ussady we aktýor Brýus Liniň hatyrasyna resmi taýdan ýörite gün döredildi. Ştatyň häkimi Gewin Nýusom tarapyndan gol çekilen täze kanuna laýyklykda, mundan beýläk her ýylyň 17-nji maýy “Brýus Li güni” hökmünde yglan edildi. Bu waka Kaliforniýanyň taryhynda gelip çykyşy hytaýly bolan amerikan raýatynyň hormatyna şeýle derejedäki ýörite günüň bellenilmeginiň ilkinji nusgasydyr.
Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, 17-nji maýyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Çünki 1959-njy ýylyň şol gününde 18 ýaşly Brýus Li çagalyk ýyllaryny geçiren Gonkongdan özüniň doglan ýeri bolan San-Fransisko şäherine dolanypdyr. Kanun taslamasynyň başyny başlaýjy, ştat Assambleýasynyň agzasy Mett Heýni hem-de aktýoryň gyzy, “Brýus Li gaznasynyň” ýolbaşçysy Şennon Li bu kararyň dünýä medeniýetlerini birleşdiriji ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle hem bu günüň aziýaly amerikanlaryň jemgyýetdäki ornuny we abraýyny belent tutmakda uly goldaw boljakdygy nygtaldy. Ştat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda her ýyl bu senede dürli medeni çäreleriň, sergileriň we mekdeplerde ýörite sapaklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
1940-njy ýylda San-Fransiskoda hytaý operasy artistleriniň maşgalasynda dünýä inen Brýus Li dünýäniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri hasaplanýar. Ol çagalygynda Gonkongda birnäçe filmde surata düşüp, kung-fu söweş sungatyny öwrenip başlaýar. 1959-njy ýylda ABŞ-a gaýdyp geleninden soň, ol bilimini dowam etdirýär, ýöne tiz wagtda okuwyny goýup, dolulygyna söweş sungatyny okatmaga çalyşýar. 1960-njy ýyllarda Golliwudda işläp başlan we “Ýaşyl Şerşen” (The Green Hornet) teleserialynda Kato keşbini janlandyran aktýor, şol döwrüň kemsitmelere we durmuş stereotiplerine garşy durmaly bolýar. Soňra ol ýene Gonkonga dolanyp, “Gudratly başlyk” we “Gazaply ýumruk” ýaly filmleri bilen dünýä derejesindäki meşhurlyga eýe bolýar. Sungat äleminiň ady rowaýata öwrülen gahrymany 1973-nji ýylda, 32 ýaşynda durmuşdan ir gitse-de, onuň galdyran mirasy şu günki günde hem dünýäniň millionlarça türgenlerine we kino muşdaklaryna ylham bermegini dowam edýär.
PDF









