Alym­lar Ýu­ka­tan ýa­ry­m a­da­sy­nyň go­la­ýyn­da Mek­si­ka­nyň ke­nar­la­ryn­dan bir­nä­çe ki­lo­metr uzak­lyk­da «ma­wy kö­we­k» tap­dy­lar. Tä­ze açyş az kis­lo­rod­ly suw­da jan­dar­la­ryň nä­hi­li ýa­şa­ýan­dy­gy­ny we ir­ki dö­wür­ler­de bu ýer­de nä­hi­li jan­dar­la­ryň bo­lan­dy­gy­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Dün­ýä­niň iň çuň «ma­wy kö­we­gi» Gü­nor­ta hy­taý deň­zin­dä­ki Až­dar­ha kö­we­gi ha­sap­la­nyp, onuň çuňlugy 300 metr­den geç­ýär. Mek­si­ka­da­ky kö­we­ge bol­sa ma­ýa di­lin­de «çuň suw» diý­me­gi aň­lad­ýan «Ta­am ja» diý­lip at go­ýul­dy. «Fron­tiers In Ma­ri­ne» at­ly žur­na­l­da ne­şir edi­len ma­ka­la­nyň aw­tor­la­ry «Ta­am ja»-nyň çuň­lu­gy­nyň 275 met­re ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Alym­lar «gök kö­wek­le­riň» için­de ir­ki dö­wür­ler­de eme­le ge­len go­wak­la­ryň hem bar­dy­gy­ny aýdýarlar. Dik çu­kur bo­lan bu çö­ket­lik­le­riň için­de agaç bö­lek­le­ri­niň we ýap­rak­la­ryň eme­le ge­ti­ren bak­te­ri­ýa­la­rynyň bardygy hem-de Gün şöh­le­siniň düş­me­ýän­di­gi se­bäp­li go­ýy reň­kli bolup görünýär.

Mähri Geldiýewa,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tynyň mugallymy.