Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ösüp gel­ýän ýaş nes­li gö­zel Di­ýa­ry­my­za söý­gi, şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten baý mi­ra­sy­na aýaw­ly ga­ra­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de ga­dy­my mi­ra­sy­my­zy wa­gyz et­mek ba­ba­tyn­da­ky ta­gal­la­la­ryň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi kä­mil­leş­dir­mä­ge, ta­ry­hy-me­de­ni we te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­ma­ga hem-de aýaw­ly sak­la­ma­ga, şeý­le-de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ru­hy we aň-bi­lim kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler gyz­gyn gol­daw tap­ýar.
Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy, el hü­när­le­ri­mi­zi ös­dür­mä­ge giň ýol açyl­dy. Ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň çe­per el­le­rin­den çy­kan her bir el iş­le­ri­ni gö­re­niň­de göw­nüň ga­nat­lan­ýar. Geç­miş­de-de ene-ma­ma­la­ry­myz gyz per­zent­le­ri­ne ýaş­lyk­dan keş­de çek­me­gi, ha­ly do­ka­ma­gy öw­re­dip­dir­ler.
Se­bä­bi türk­men hal­ky ça­ga ter­bi­ýe­si­ne, ylaý­ta-da, gyz­ja­gaz­la­ryň el hü­nä­ri­ne has uly üns be­rip­dir. «Gyz­ly öý – gy­zyl­ly öý» di­ýip, şo­nuň üçin aý­dyl­ýar. Bi­ri-bi­rin­den ne­pis, bi­ri beý­le­ki­sin­den görk­li be­je­ri­len dür­li ulu­lyk­da­ky ýa­ka­la­ry, ne­pis na­gyş­la­nan keş­de­le­ri gö­re­niň­de, uz bar­mak­la­ryň owa­zy­ny diň­län ýa­ly kal­byň­da aja­ýyp duý­gy dö­re­ýär. Keş­de­ler – gö­zel­le­ri­mi­ziň hiç ki­me yna­nyp bil­me­dik ejap­ly duý­gu­la­ry­nyň be­ýa­ny, zan­dy ha­lal, guý­ma­gur­sak ze­nan­la­ry­my­zyň ýü­rek owa­zy, dur­muş ha­kyn­da­ky şi­rin aý­dy­my. Keş­de­ler mis­li owaz bo­lup, nä­zik kalp­la­ra şat­lyk paý­la­ýar. «Ede­ni­ne el ýet­mez» diý­dir­ýän gö­zel­le­ri­miz, ze­nan­la­ry­myz her bir maş­ga­la­nyň mi­ze­mez sü­tü­ni.
Keş­de­çi­lik sun­ga­ty­myz – gym­mat­ly baý­ly­gy­myz. Bu mil­li se­ne­di­miz­de türk­men ze­nan­la­ry­nyň kö­ňül ar­zuw­la­ry, asyl­ly hüý-hä­si­ýet­le­ri, edim-gy­lym­la­ry şöh­le­len­ýär. Ene-ma­ma­la­ry­myz gyz­ja­gaz­la­ra elin­de iň­ňe tut­ma­ga ýa­ran gü­nün­den ti­kin-ça­tyn iş­le­ri­ni, keş­de ga­ýa­ma­gy öw­re­dip, mil­li mi­ra­sy­my­zyň gen­ji-ha­zy­na­sy­ny has-da baý­laş­dy­ryp­dyr­lar. Na­gyş­la­ryň bir to­pa­ry te­bi­gat, pa­syl­la­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, «erik­gül», «gül­ýaý­dy», «ke­ýik­go­çak», «ga­za­ýak» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar, kä­bi­ri mu­kad­des öý-ojak, ma­ny­ly ýa­şa­ýyş-dur­muş bi­len bag­la­ny­şyk­ly «tä­rim­go­çak», «gö­ze­nek», «gar­şy­lyk­ly tä­rim­go­çak», «çem­çe­göl», «do­ga­jyk» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Hä­zi­ki döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de mil­li mi­ra­sy­myz, şol san­da ga­dy­my keş­de­çi­lik sun­ga­ty­myz tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp ös­dü­ril­ýär, dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hal­ky­myz­da uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di.

Oraz­my­rat RE­JE­POW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.