Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr. Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatyna hoşallyk duşuşygy mynasybetli geçirilen çäräniň çäklerinde göçme kitap sergileri geçirilýär. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar. 5-nji oktýabrda Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda “Öten gerçekleri ýatlalyň!” atly kitap sergisi geçirildi. Şeýle hem 13-nji oktýabrda Ak bugdaý etrap Gämi oba medeniýet öýünde “Döwletli döwranyň waspnamasy” atly göçme kitap sergisi geçiriler. 19-njy oktýabrda bolsa, Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda “Sungat ussadynyň hormaty” atly Kitaphana gününiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Saparsoltan Meläýewa, Ak bugdaý etrap Merkezi kitaphanasynyň “Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek” bölüminiň kitaphanaçysy.