28-nji aprelde Premýer-ministr Mark Karniniň ýolbaşçylygyndaky Kanadanyň dolandyryjy Liberal partiýasy ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de bolsa, partiýa jemgyýetçilik palatasynda (parlamentiň aşaky palatasy) köplük alyp bilmedi, şonuň üçin azlyk hökümetini gurmaly bolar.
Sesleriň 100 göterimi sanalandan soň liberallaryň 343 saýlaw okrugynyň 168-sinde öňde barýandygy belli boldy. Ýeňiş gazanmak üçin olar 172 orun almalydy. Kanadanyň Konserwatiw partiýasy 144 saýlaw okrugynda goldaw aldy. Üçünji orunda 23 saýlaw okrugynda goldaw alan Kwebek blogy bar. Tze demokratik partiýasy 7, “Ýaşyllar” 1 ona eýe boldy.
Liberallar 2015-nji ýyldan bäri Kanadanyň parlamentinde köplük gazanyp bilmän gelýär. Kanadada parlament saýlawlary oktýabr aýynda meýilleşdirildi. Ýöne mart aýynda Liberal partiýanyň Lideri Jastin Trýudo wezipesinden çekilenden soň, onuň ýerine Mark Karni geçip, nobatdan daşary saýlawlaryň geçirilýändigini mälim edipdi. Şeýlelikde, öň Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň merkezi banklaryna ýolbaşçylyk eden 60 ýaşly Karni ýurduň täze hökümetine ýolbaşçylyk eder.