Täze Papasynyň saýlanmagy 7-nji maýda başlanar. Watikanyň konklawy (Kardinallaryň ýygnagy) täze Rim Papasyny saýlamak üçin Sikstin ybadathanasynda jemlenerler. Watikan 21-nji aprelde 88 ýaşynda aradan çykan Rim Papasy Fransiskden soň indiki papanyň konklawyna taýynlyk görüp, Sikstin ybadathanasy ýapdy. Katolik buthanasynyň taryhynda ilkinji gezek ýewropaly kardinal saýlawçylar konklawda köplük bolup bilmez. Täze papanyň saýlanmagyna ses berişlik kardinallaryň ýapyk maslahatynda geçiriler.
Kardinallar toparynyň 252 agzasy bolup, olardan konklawa gatnaşýan 135 kardinalyň ses bermäge hukugy bar. Bularyň arasynda 80 ýaşa çenli kardinallar bolup, olaryň her birini Papa tagty üçin dalaşgär hasaplap bolar. Sikstin ybadathanasynda geçýän konklawda, her gün dört ses berişlik guralýar. Saýlanmak üçin sesleriň dörtden üç bölegini gazanmak gerek.
Rim-katolik ybadathanasynyň täze başlygynyň saýlanandygyny Keramatly Pýotryň meýdanyndan oňat görünýän turbadan ak tüsse çykarmak bilen mälim edýärler. Turbadan çykýan gara tüsse bolsa, ses berişligiň netijesiz bolandygyny tassyklaýar.
26-njy aprelde Keramatly Pýotryň tagtyny 2013-nji ýyldan bäri eýeläp gelýän 266-njy Rim Papasy Fransiskiň jesedi Santa Mariýa Majora ybadathanasynda jaýlandy. Fransiskiň jaýlanyş çäresine dünýä liderleri köpüsi we ýüzlerçe müň adam gatnaşdy. Konklaw başlamazdan öň dokuz günlük ýas çäresi geçirilýär.