Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Liwerpul” APL-de 3, umumylykda 4 oýundan bäri ýeňlip gelýär. Öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” bilen duşuşan “Liwerpul” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda myhmanlar eýýäm 2-nji minutda, has takygy, 65-nji sekuntda Mbeumanyň goly bilen öňe saýlandy. 78-nji minutda Gakpo hasaby deňlese-de, 84-nji minutda Maguaýryň goly bilen “Mançester Ýunaýted” ýeňşini baýram etdi. “Mançester Ýunaýted” topary “Liwerpuly” soňky gezek 2016-njy ýylyň ýanwarynda ýeňipdi.

Sanawyň lideri “Arsenal” London derbisinde myhmançylykda “Fulhamdan” Trossaryň 58-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen üstün çykyp, ornuny saklamagy başardy.

“Mançester Siti” topary öz meýdançasynda “Ewertony” Erling Holannyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. “Tottenham” Londonda öňe geçen duşuşygynda “Aston Willadan” 2-1 hasabynda ýeňildi.

Öz meýdançasynda “Çelsiden” 3-0 hasabynda asgyn gelen “Nottingam Forest” topary 39 gün öň bellenen tälimçisi Anj Postekogluny wezipesinden boşatdy. Topar onuň tälimçiliginde geçiren 8 duşuşygynda ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi.

Geçen tapgyrda 19 oýundan soň ilkinji gezek utulan “Kristal Palas” topary öz meýdançasynda öňdäki orunlarda barýan “Bornmut” bilen 3-3 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýunda ýer eýeleriniň 3 goluny-da geçiren Mateta 90+7-nji minutda penaltini dürs urup, toparyny ýeňlişden halas etdi.

8-nji tapgyryň netijeleri:

Forest – Çelsi: 0-3 (Açimpong 49, Pedro Neto 52, Jeýms 84),

Börnli – Lids: 2-0 (Ugoçukwu 18, Çauna 68),

Braýton – Nýukasl: 2-1 (Welbek 41, 84 – Woltemade 76),

K. Palas – Bornmut: 3-3 (Mateta 64, 69, 90+7 p – Krupi 7, 38, Kristi 89),

Man. Siti – Ewerton: 2-0 (Holann 58, 63),

Sanderland – Wulwerhempton: 2-0 (Mukiele 16, Kreýçi 90+3 ö.d.),

Fulham – Arsenal: 0-1 (Trossar 58),

Tottenham – A. Willa: 1-2 (Bentankur 5 – Rojers 37, Buendia 77),

Liwerpul – M. Ýunaýted: 1-2 (Gakpo 78 – Mbeumo 2, Maguaýr 84),

West Ham – Brentford (şu gije)