1-nji awgustda ýurdumyzyň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi. Şu ýyl paýtagtymyzyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň möhümdigini nygtap, bu boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hödürlenýän harytlaryň köpüsiniň ýurdumyzda öndürilýändigini bellemek gerek. Olar ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary. Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, depderler, reňkli galamlar we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr.

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” Gündogar, “Teke”, “Gülüstan” bazarlarynyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlary her gün irden agşama çenli işleýär.