Argentinaly 38 ýaşly futbol oýunçysy Lionel Messiniň emlägi 1 milliard amerikan dollaryna ýetdi diýip, “Bloomberg” agentligine salgylanýan “interfax.ru” habar berdi.
Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi 2007-nji ýyldan bäri diňe aýlyk hak we höweslendiriş pullaryndan 700 million dollardan gowrak gazanmagy başardy. Milliarder derejesine ýetmekde oňa işewürlik geleşikleri, teleýaýlymlardaky alnyp görkezilişler we maýa goýumlar kömek etdi. Netijede, ol Kriştianu Ronaldodan soň ikinji milliarder futbol oýunçysy boldy.
Messi 2023-nji ýyldan bäri “Inter Maýami” amerikan futbol toparynda çykyş edýär. Onuň ýyllyk haky 25 million dollar, umumy kepillendirilen aýlygy ýylda 28,3 million dollar töweregidir. Galyberse-de, Lionel Messi kluba eýelik etmekdäki paýyndan we “Apple” hem-de “Adidas” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyndan ep-esli girdeji gazanýar. Onuň ýyllyk girdejisi takmynan 130 million dollara deň.
PDF









