Täze geçirilen ylmy barlaglar kadaly kofe içmegiň ruhy bozulmalaryň töwekgelçiligini ep-esli azaldýandygyny ýüze çykardy. “Journal of Affective Disorders” žurnalynda çap edilen makalada bellenilişi ýaly, günde iki-üç çaşka kofe içmek ruhy saglygy goramakda uly ähmiýete eýedir, bu täsir aýratyn-da erkek adamlarda has aýdyň ýüze çykýar. Alymlar “UK Biobank” maglumatlar binýadyndan 460 müňden gowrak adamyň görkezijilerini 13 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda seljerip, kofeniň mukdary bilen ruhy saglygyň arasynda “J” görnüşli baglanyşygyň bardygyny anykladylar. Bu bolsa kofeni gaty az ýa-da günde bäş çaşkadan köp içmegiň garaşylýan peýdany bermeýändigini, gaýta ruhy bozulmalara sebäp bolup biljekdigini görkezýär.
Barlag geçirijileriň pikiriçe, kofeniň düzümindäki kofein we hlorogen turşusy ýaly müňden gowrak biologik işjeň maddalar nerw öýjüklerini goraýjy we sowuklama garşy täsir edýär. Kofein beýnidäki reseptorlara täsir edip, depressiýa garşy durmaga we stres netijesinde ýüze çykýan nerw bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam edýär. Bütindünýä Saglygy Gorayýş Guramasynyň (BSGG) maglumatyna görä, häzirki wagtda dünýäde bir milliarddan gowrak adam ruhy kesellerden ejir çekýär. Alymlar iýmitleniş tertibine kofe ýaly önümleri kadaly goşmagyň “ruhy bozulmalar pandemiýasyna” garşy göreşmekde peýdaly öňüni alyş strategiýasy bolup biljekdigini belleýärler.